Hossarlyk" HJ agtaryş işleriniň hemme görnüşlerini geçirýär.
Biziň inženerlerimiziň topary islendik çylşyrymlylykdaky arassalaýjy desgalaryň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmäge taýýar.
Biz siziň hemme islegleriňizi nazarda tutup, siz üçin iň amatly çözgüdi saýlarys.
Bize arassalaýjy desgalaryň durkunyň täzelenilmegini ynanmak bilen siz ýerine ýetirilen işleriň hili babatda doly ynamly bolup bilersiňiz.
"Hossarlyk" HJ arassalaýjy desgalaryň baş taslamasyny işläp taýýarlamak we gurmak ýa-da taslamanyň aýratyn böleklerini işläp taýýarlamak wezipelerini öz üstüne almaga taýýar. "Hossarlyk" HJ arassalaýjy desgalaryň, suw üpjünçilik, suw sowujy we akar suwlary arassalaýjy desgalaryň taslamalaryny işläp taýýarlaýar hem-de ulanyşa doly taýýar edip, gurluşygyny amala aşyrýar. Kompaniýanyň dürli derejedäki jogapkärçilikli we çylşyrymlylykdaky desgalary taslamalaşdyrmaga hukugy bar.
Arassalaýjy desgalaryň gurluşygy ýokary hünär derejeli hünärmenler toparynyň ýola goýlan işini talap edýär. Özünde taslamalaşdyryş bölüminiň bolmagy arkaly kompaniýa tutuş toplumlaryň ulanyşa doly taýýar edip, bina edilmegi bilen meşgullanýar, ýagny işler taslamanyň ykdysady esaslandyrmasyndan we suwy arassalamagyň tehnologiki zynjyryny saýlamakdan başlap, desga gurlup, ulanyşa tabşyrylandan soňra tamamlanýar. "Hossarlyk" HJ – bu islendik çylşyrymlylykdaky arassalaýjy desgalaryň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmäge taýýar inženerler toparydyr.
Gurluşyk meseleleri boýunça biziň maslahat beriş hyzmatlarymyz öz içine meýilnamalaşdyrmany we taslamalaşdyrmany, şeýle hem gurluşyk firmasy bilen gurluşyk işlerini ýerine ýetirmek boýunça şertnamany düzmek babatdaky maslahatlary, şeýle hem siz bilen kontragentleriňiziň arasynda ýüze çykyp biljek jedelli ýagdaýlarda ýardam etmegi (mediasiýa) öz içine alýar. Biz siziň hemme islegleriňizi nazarda tutup, siz üçin iň amatly çözgüdi saýlarys. Mundan başga-da biz siz üçin gozgalmaýan emlägi we ýeri satyn almak meseleleri babatda maslahat bermek, zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda nyrhy kesgitlemek hyzmatlaryny ýerine ýetirip bileris. Şeýle hem biziň hyzmatlarymyz hyzmatdaşlarmyz bilen bilelikde işlemegi hem-de gozgalmaýan emlägi we ýeri satyn almak boýunça zerur resmi işleriň ýerine ýetrilmegini öz içine alýar.
Arassalaýjy desgalaryň durkunyň täzelenilmegi – bu biziň kompaniýamyz tarapyndan şu aşakdaky görkezilenler babatda geçirilýän çäreleriň toplumydyr:
1. Arassalaýjy desgalaryň abatlaýyş işler
2. Olaryň ulanyş häsiýetnamalarynyň ýokarlandyrylmagy
3. Zyýanly zyňyndylaryň azaldylmagy
4. Berk ekologiýa kadalaryna laýyk getirme
Arassalaýjy desgalaryň durkunyň täzelenilmegini "Hossarlyk" HJ-e ynanyp, Siz geçirilen işleriň hili babatda ynamly bolup bilersiňiz. Sebäbi biziň
inženerlerimiziň arassalaýjy desgalary taslamalaşdyrmakda, gurmakda we olarda abatlaýyş işlerini geçirmekde uly tejribesi bar. Şeýle hem, "Hossarlyk" HJ
suwy we akaba suwlaryny arassalaýan enjamlary saýlamagyň hem-de taslamalaşdyrmagyň hili babatdaky kepillikleri doly öz üstüne alýar.
Häzirki wagtda, süýji suwlaryň dünýä gorlarynyň azalmagy bilen baglylykda deňiz suwuny süýjetmek, şeýle hem düzüminde duzlaryň we beýleki hapalanmalaryň
derejesi ýokary bolan suwlary arassalamak zerurlygy ýüze çykýar. "Hossarlyk" HJ bu ugur boýunça Türkmenistanyň bazarynda öňdebaryjy orundadyr.
Himiýa senagatynda dünýä liderleriniň hataryna girmek üçin Türkmenistan strategiki çemeleşmäni saýlap aldy, ýagny pudaklaýyn klasterleri we özi üçin täze bolan dag-magdan senagatyny döredýär. Türkmenistanda ägirt tebigy çig mal serişdelerine esaslanýan himiýa senagatynyň ähmiýeti ösýär. Pudak nebit-gaz we himiýa bölünip, olaryň ikisi hem haýran galdyryjy ösüşi görkezýär.
Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde suw arassalaýjy desgalaryň häzirki zaman toplumy ulanyşa girizildi. "Hossarlyk" HJ tarapyndan gurlan, kuwwatlylygy bir gije-gündizde 5 müň kub metr agyz suwy bolan bu suwy arassalaýjy desgalar toplumy şäheriň we onuň golaýyndaky ilatly nokatlaryň ýaşaýjylarynyň zerurlyklaryny doly kanagatlandyrýar. Desga onlarça häzirki zaman suw sorujy gurluşlar, süzgüçler, enjamlaryň barlaghana we beýleki görnüşleri bilen doly enjamlaşdyrylandyr.
Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň Arkaç obasynda kuwwatlylygy bir gije-gündizde 1 müň kub metr agyz suwy bolan suw arassalaýjy desga işe girizildi. Desga onlarça häzirki zaman suw sorujy gurluşlar, süzgüçler, enjamlaryň barlaghana we beýleki görnüşleri bilen doly enjamlaşdyrylandyr.
Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynda kuwwatlylygy bir gije-gündizde 20 müň kub metr agyz suwy bolan suw arassalaýjy desga guruldy. Bu taslama "Türkmenistanyň ilatly nokatlaryny arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça baş maksatnamasynyň" çygrynda ulanyşa girizildi.